Geodürlüligiň halkara güni (IGD) ilkinji gezek şu ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenildi. Bu karar ÝUNESKO tarapyndan 2021-nji ýylda geçirilen 41-nji umumy maslahatda kabul edildi. Geodürlüligiň ähli taraplary barada maglumatlary ösdürmek we döretmek üçin adamlary bir ýere jemleýän baýramçylygyň maksady, dünýädäki ähli janly-jandarlaryň abadançylygy we gülläp ösmegi üçin tebigatyň ähmiýeti barada düşünjäni artdyrmakdyr. Şeýle hem, planetanyň geodürlüliginiň gymmatlyklary barada habardarlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini geňeşçi hem-de Hindi sungaty we medeni miras boýunça milli ynamyň (INTACH) wekili 4-nji oktýabrda beren beýanatynda belläp geçýär. Hanym Anuradha Reddi INTACH-yň 200-den gowrak etrap bölümi, Mekdep miras klublary we 4000-den gowrak mekdebiň üsti bilen Geodürlüligiň halkara gününi bellemek üçin çäreleri guramaklyga tagalla edýändigini aýtdy. Bularyň arasynda gezelençler, geodürlülik we miras baradaky gepleşikler, mekdep okuwçylary üçin wiktorinalar, miras ýerlerini arassalamak we broşýuralary taýýarlamak ýaly çäreler bar.
Merjen KAIPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy