Ýewropa Bileleşigi öňümizdäki gyşda energiýa garaşsyzlygyny goldamak maksady bilen agza döwletleriniň arasynda, takmynan, 20 milliard ýewro töweregi paýlar.

Bu teklip Çehiýanyň başlyklygynda taýýarlandy we hödürlendi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň maliýe ministrleri muny goldadylar, indi bolsa şol esasda Ýewropa Bileleşigi gaznalaryndan gelýän serişdeleriň bir bölegini täze energiýa çeşmelerine geçmek üçin ulanyp bilerler. Bu serişdeler howa goýberilýän zyýanly gazlar üçin kwotany satmakdan alnar. Şeýle-de bolsa, bu heniz gutarnykly däl, sebäbi döwletler Ýewropa Parlamenti bilen maliýe goldawynyň soňky görnüşi barada ylalaşmaly bolarlar. Wisegrad toparynyň (Çeh Respublikasy, Wengriýa, Polşa we Slowakiýa) ýurtlarynyň hersine, takmynan, 680 million ýewro bölünip beriljekdigi habar berildi.