Bortunda dürli jandarlar we ösümlikler bolan “Bion-M” kosmos gämisi 2024-nji ýylda orbita uçurylar. Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Biomedikal meseleler institutynyň müdiri Oleg Orlow bu barada gürrüň berdi. Ol öz beýanatynda häzirki wagtda 1-nji “Bion-M” uçuşynyň netijelerine görä, ylmy enjamlaryň döredilýändigini, kämilleşdirilýändigini aýtdy. Belläp geçsek, “Bion” biologik gözlegler üçin rus kosmos gämileridir. Hususan-da, alymlar radiasiýanyň we kosmos giňişliginde agramsyzlygyň janly organizmlere edýän täsiri bilen gyzyklanýar.
Syçanlar “Bion-M” taslamalarynyň çäginde esasy gözleg obýektidir. Şeýle hem çybynlary, ösümlikleri we mikroorganizmleri orbita ibermegi meýilleşdirýärler. Syçanlar, mongol gerbilleri, gekler, çybynlar, ösümlikler we dürli mikroorganizmler bilen bu seriýadan ilkinji emeli hemra 2013-nji ýylda uçuryldy.
Samara uniwersitetiniň alymlarynyň ýerdäki kataklizm ýüze çykan halatynda seýrek ösümlikleriň tohumlaryny kosmosa ibermegi teklip edendiklerini bellemeli. Şeýle ösümlikler 2013-nji ýylda hem kosmosa uçurylypdy.
Gurbangül Hudaýbergenowa, S.A.Nyÿazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ uly mugallymy