13-nji oktýabrda Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular.
Demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde milli ak öýler dikilip, kejebede gelin getirmek, at çapdyrmak ýaly toý däpleri öz beýanyny tapdy. Zenanlaryň el işlerini, milli senetçiligi şöhlelendirýän ajaýyp pursatlar bu görnüşiň üstüni ýetirdi. Gämiçileriň gämi gatnawyny amala aşyrýan, çarwalaryň çarwa durmuşyny beýan edýän pursatlar hem ýatda galyjy häsiýete eýe boldy. Garagum derýasynyň kenarynda gurnalan ajaýyp sahnada welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri joşgunly baýramçylyk çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Yhasly zähmeti bilen aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra ýörite bezelen baýramçylyk otly düzüminiň täze köprüden ilkinji bolup geçmegi bu waka aýratyn öwüşgin berdi. Döwrebap demir ýol köprüsiniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250 metre barabardyr. Köpriniň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen gurluşyk önümleri, şeýle hem öz ýurdumyzda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy.