UEFA Çempionlar Ligasynda “A” toparçada durzup bolmaýan “Napoli” topary “Aýaksyň” derwezesinden öz meýdançasynda-da 4 gol geçirdi. Lozano, Raspadori, Kwarasheliýa hem-de Osimheniň gollary bilen 4-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Napoli” utugyny 12-ä çykaryp, 4-nji gezek 1/8 finala çykmagy başardy. Duşuşykda Aýaksyň adyndan Klaassen bilen Bergwiýn tapawutlandy. “Napoli” 4 duşuşykda 17 gol geçirdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda “Reýnjers” bilen “Liwerpul” duşuşyp, 17-nji minutda Arfild ýer eýelerini öňe çykardy. Ýöne bu gol “Liwerpulyň” alawyny tutaşdyrdy. 24-nji minutda Firmino bilen hasaby deňlän iňlis kluby 55-nji minutda ýene-de braziliýaly ýyldyzynyň goly esasynda öňe saýlandy. 66-njy minutda Firminonyň pasyndan soň Nunýes 3-nji goly şotlandlaryň derwezesine gönükdirdi. Duşuşygyň 68-nji minutynda Mohamed Salah meýdança girip, duşuşygyň ykbalyny düýpgöter üýtgetdi. Müsürli ýyldyz oýunçy 6 minut 12 sekuntda (76, 80, 81) 3 gol geçirip, Çempionlar Ligasynda iň çalt het-trik eden futbolçy rekordyny fransiýaly Bafetimbi Gomisden aldy (8 minut). Ýaş oýunçy Elliot bolsa “Reýnjersiň” derwezesinden 7-nji goly geçirip, oýna soňky nokady goýdy. 7-1 hasabynda ynamly ýeňiş gazanan “Liwerpul” 2-nji tapgyra çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy.