10-11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat geçirildi.
Şu ýyl sergä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşdylar. Olaryň arasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Litwadan, Latwiýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Fransiýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Belgiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Pakistandan, Tailanddan, Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlaryndan kompaniýalar gatnaşdy.
Däp bolşy ýaly, sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pawilýony bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri aradan aýyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.
Sergide Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bölümi ýerleşdirilipdir. Türkmen jemgyýetinde howandarlyga mätäç çagalar üns-alada bilen gurşalýar. Haýyr-sahawat gaznasy döredilen pursadyndan bäri bu ugurda netijeli işleri amala aşyryp gelýär.
«Saglyk – 2022» sergisi önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Şonuň üçin hem bu lukmançylyk sergisine ýurdumyzyň hususy kärhanalary – Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary giňden gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda «Ýowşan», «Ak Hümmet», «Tebip», «Dermanlar», «Yşgyn», «Boýbodron», «Dag oty» hususy kärhanalary, «Saglyk», «Hoş», «Dowamat» hojalyk jemgyýetleri bar. Şeýle-de sergide «Baýramaly», «Berzeňňi», «Arçman», «Ýyly suw», «Farap», «Mollagara», «Daşoguz» şypahanalarynyň diwarlyklaryna hem uly orun berlipdir.
«Türkmendermansenagat» birleşiginiň kärhanalary ýerli ösümlik çig mallary esasynda derman serişdelerini öndürmek ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýärler. Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli çig mallardan bejergi serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhanalar açyldy. Şolaryň hatarynda Jebeldäki bejergi palçygyny we deňiz duzuny gaplamak boýunça zawody, Bereketdäki ýod öndürýän kärhanany, Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanany, mineral suw öndürýän «Berzeňňi» kärhanasyny agzamak bolar.
«Buýan» agrosenagat toplumynyň önümleri hem ildeşlerimiziň ýokary bahasyna mynasyp boldy. «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşiginiň kislorod öndürýän zawody ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryny polat gaplardaky lukmançylyk kislorody bilen üpjün edýär. Aşgabatda, Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda we Tejende ýerleşýän natriý gipohloridini öndürmek boýunça önümhanalar ýurdumyzyň zyýansyzlandyryjy serişdelere bolan gündelik zerurlygyny doly kanagatlandyrýarlar.
Şu gezekki sergide Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem öz gazanan üstünliklerini görkezýär. Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrýarlar.
Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölümindäki ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler öz beýanyny tapýar.
Şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň ady belli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasyndan we BMG-niň Çagalar gaznasyndan wekiller türkmen kärdeşlerini hünär baýramy bilen gutladylar hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň BSGG-niň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine özara ylalaşykly garşy durmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmeler beýan edildi.
11-nji oktýabrda Halkara ylmy maslahat Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda – Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýünde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde hem-de paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň, ylmyň, saglygy goraýşyň we sportuň 14 ugry boýunça dowam etdi. Olarda «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek», «Ýokanç keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek», «Enäniň we çaganyň saglygyny goramak», «Hirurgiýa keselleri», «Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa», «Sanly lukmançylyk», «Genom lukmançylygy» atly mowzuklar boýunça pikir alyşdylar.