13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Seýed Mohammad Dahnawy bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryny özara deň hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini bellediler.

Iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň – Balkan welaýatynyň we Gülüstan welaýatynyň arasyndaky gatnaşyklaryny ilerletmek meselesi boýunça maslahatlaşyldy. Bu ugurda iki döwletiň degişli welaýatlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna, şol sanda oba hojalyk, gurluşyk, senagat we beýleki ugurlarda özara wekiliýetleriň saparlaryny gurnamak meselesine seredildi.

Bulardan başga-da, ulag-logistika ulgamynda, hususan-da, iki döwletiň Hazardaky deňiz portlarynyň arasyndaky ýük akymlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak meselesine hem üns berildi. Şeýle hem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki birnäçe medeni çäreleri geçirmegiň ähmiýetini bellediler.