Häzirki döwürde ata Watanymyzda ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» tassyklanylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy.