Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermäge, olary kämil hünärmenler edip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň bilimli we giň dünýägaraýyşly, hünärli bolmagy esasy ugurlaryň biridir. Şunda sanly bilimi ösdürmek, bilim ulgamyny özgertmek, ýaşlara milli terbiýäni bermek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alynýar.
Häzirki wagtda uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeler, ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, ylma esaslanýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Bu babatda milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Şonuň üçin bu ugurlarda öňdebaryjy tejribeler, ylmyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle bolansoň, bu günki ýaşlarymyz dünýä dillerini bilýän, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişýärler. Bu bolsa uly üstünlikleriň, beýik ösüşleriň gözbaşydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etdi we aýdyň wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipeler hakynda belläp, tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegiň esasy maksat bolmalydygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşine goşant goşjak ýaşlaryň kämil hünärmenler bolmalydygyny, tehnologiýalara oňat düşünmelidigini we döwrebap işleri alyp barmalydygyny aýdyň beýan edýär.
Häzirki wagtda sanly bilim tehnologiýasynyň soňky gazananlaryny ulanyp, biz talybyň bilim derejesini dürli testler arkaly barlap bilýäris. Talyplarymyz diňe öz döwletimiziň çäginde geçirilýän bäsleşiklerde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde hem başarnyklaryny görkezýärler. Türkmen talyplarynyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri bilim özgertmeleriniň aýdyň miwesidir.
Bilim ulgamyny ösdürmegiň usullary we bu ugurdaky çemeleşmeler dünýäniň ösüş tejribesi bilen birlikde, halkymyzyň milli hem ruhy gymmatlyklaryna esaslanýar. Bu 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda-da» aýdyň ýüze çykýar. Konsepsiýa özüniň mazmuny taýdan milli gymmatlyklar bilen berk baglanyşykly bolup, ol milli tejribeleriň sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly dessin ýaýradylmagyna we özleşdirilmegine täze mümkinçilikleri açýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda, hususan-da, soňky 15 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ýurdumyzda bilimiň ylmy-önümçilik binýadynyň berkidilmegi, onuň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi, bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlar täze açyşlaryň esaslandyrylyp, döwrebap taslamalaryň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly şertleri ýüze çykardy.
Täze taryhy döwürde ýaş nesliň ylym-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Bu günki gün iň täze we innowasiýalara daýanýan enjamlardan, tehnologiýalardan baş çykarýan, ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleriň kemala gelýändigini olaryň halkara derejede geçirilýän döredijilik we zehin bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýandyklary subut edýär.
Goý, ýaş nesil barada irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň başy dik, jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!
Aýnagözel REJEPGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby