Şu gün — 14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iri halkara çärelere gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji sapary mynasybetli Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň ýokary derejeli duşuşyklaryň ikisine ― GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Astana sammiti Gazagystanyň şu ýyl Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýan möhüm çäreleriň biridir. Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitinde gurama gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri doly düzümde geçiriljek nobatdaky duşuşygyň gün tertibine giriziljek meseleleri anyklaşdyrdylar. Şoňa görä-de, sammitiň dowamynda Arkalaşygyň giňişligindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garamak we kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Russiýanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek «Merkezi Aziýa ― Russiýa» düzüminde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyk bolsa sebitiň ýurtlarynyň Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny toplumlaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmaga täze goşmaça itergi berer. Şeýle duşuşyklar özara gatnaşyklaryň aýry-aýry, has möhüm meseleleri boýunça dostlukly ýagdaýda içgin pikir alyşmaga amatly şertleri döredýär.