Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Ilki bilen, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Liderleriniň dar düzümdäki mejlisi geçirilýär. Soňra sammitiň işi giňeldilen düzümde dowam eder. Nobatdaky ýokary derejeli duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.
Şu günler Gazagystanyň paýtagty yklym ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde dünýäniň nazaryny özüne çekýär. GDA-nyň şu gezekki sammiti bolsa pandemiýadan soňky döwürde gurama agza döwletleriň tas ählisiniň Baştutanlaryny ýüzbe-ýüz görnüşde bir meýdança jemledi. Şolaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy ― Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bar.
Sammitiň dowamynda taraplar Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda howpsuzlyk meselelerinde goşulyşmak işlerini mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesini kabul ederler. Hususan-da, howpsuzlyk ulgamynda özara hereketleri pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanlary tarapyndan 2023 ― 2025-nji ýyllarda terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmegiň Hyzmatdaşlyk maksatnamasy tassyklanylar. Şeýle-de Gazagystanyň başlangyjy bilen medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Beýannamany kabul etmek meýilleşdirilýär.
Astana duşuşygynyň dowamynda 2023-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmegi Gyrgyz Respublikasyna geçirmek we geljekki sammitiň Bişkek şäherinde guralmagy hakynda çözgüt hem kabul ediler.
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Guramanyň ählumumy geosyýasy we geoykdysady işlere gatnaşmagyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlar bilen çykyş edýär. Pandemiýadan soňky döwürde bolsa biziň ýurtlarymyza Arkalaşygyň çäginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitläp, bu ugurda bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklara täze itergi bermegiň, tejribeleri we bilimleri paýlaşmagyň zerurdygy äşgärdir. Şoňa görä-de, nobatdaky sammitde gurama agza döwletleriň Baştutanlary hut şu meselelere aýratyn ünsi çekerler.