Şu gün – 14-nji oktýabrda Astanada geçirilen sammitiň dowamynda GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary birnäçe resminama gol çekdiler. Bu barada “RIA Nowosti” habarlar gullugy mälim edýär.

Mundan ozal ýerine ýetiriji komitetiň başlygy, GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew sammitiň netijelerinden soň iri döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 10 resminama gol çekmegiň meýilleşdirilýändigini habar beripdi.

Onuň sözlerine görä, geňeş Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň rus dilini ilerletmek maksady bilen GDA-nyň howandarlygynda halkara gurama döretmek başlangyjyny goldaýar.

Lebedew sammitiň Arkalaşygyň tematiki ýyllarynyň yglan edilmegine, şeýle hem 2024-nji ýylda Russiýada “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi barada karar kabul ediljekdigini belledi. Munuň bilen birlikde, döwlet Baştutanlary Sankt-Peterburgy 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek teklibini goldarlar.

Şol bir wagtyň özünde, birleşigiň döwletleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda birnäçe möhüm kararlar kabul ediler. Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, sammite gatnaşyjylar 2023-2025-nji ýyllar üçin işlenip düzülen terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde indiki hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklarlar. Şeýle-de sammitiň dowamynda GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary wezipesi Baş sekretar diýlip üýtgedildi, degişli karar Arkalaşygyň döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan kabul edildi diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.