Şu gün günüň ikinji ýarymynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň Kongres merkezinde «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammiti öz işine başlady. Sebit ýurtlarynyň strategik hyzmatdaşy bolan Russiýanyň başlangyjy esasynda şeýle düzümde ilkinji gezek geçirilýän duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.

Sammitiň dowamynda oňa gatnaşýan Liderler yzygiderlilikde çykyş edip, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşarlar. Özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, häzirki geosyýasy şertlerde söwda-ykdysady we beýleki bähbitleri goramak duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolar. Şeýle-de taraplar Owganystandaky ýagdaýlary nazara almak bilen, sebit howpsuzlygyny üpjün etmegiň ugurlary barada pikir alşarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem çykyşynda hut şu meseleler babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan eder.

«Merkezi Aziýa ― Russiýa» görnüşdäki ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etmek göz öňünde tutulýar. Onda Ýewraziýa giňişliginde sebitleýin hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri, şeýle-de syýasat, howpsuzlyk, söwda, ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri öz beýanyny tapar.