Ilkinji tematiki akwapark açyldy

218

Tailandyň Pattaýýa şäherinde “Sony Pictures” kompaniýasynyň filmleriniň esasynda döredilen dünýäniň ilkinji tematiki güýmenjeler akwaparky “Columbia Pictures Aquaverse” açyldy. Seýilgähde köp sanly multfilmleriň esasynda döredilen attraksionlar hödürlenýär. “Aquaverse” dürli-dürli attraksionlary öz içine alýan birnäçe tematiki ugurlara bölünýär. Şeýle-de seýilgähiň çäginde söwda nokatlary hem-de garbanyşhanalar bar. Akwaparky döredijiler onuň diňe bir ýerli ýaşaýjylary däl, eýsem, daşary ýurtly syýahatçylary hem özüne çekjekdigine umyt bildirýärler. 12-nji oktýabrda “Aquaverse” ähli isleg bildirýänler üçin açyldy.