2024-nji ýyl GDA-da “Meýletinçilik hereketiniň ýyly” diýlip yglan edildi

132

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Döwlet Baştutanlary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde 2024-nji ýyly – “Meýletinçilik hereketiniň ýyly”, 2025-nji ýyly – “Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň 80 ýyllygy” – “Parahatçylyk we milletçilige garşy göreşde jebislik ýyly”, 2026-njy ýyly – “Saglygy goramak ýyly” diýip yglan etmek hakynda karar kabul etdiler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň saýtynda habar berilýär.