13-nji oktýabrda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi we taraplaryň ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary nygtaldy. 

Taraplar şeýle hem ulag-logistika, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli dialogyň işjeňleşdirilmegine taraplaryň taýýardygy beýan edildi.