Geljek aý iň uly sport çäreleriniň birine taýýarlyk görülýän Katarda myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin ähli ugurlarda alada edilýär. Ýurduň “Qatar Airways” kompaniýasy ýurda geljek myhmanlaryň sanyny göz öňünde tutup, goşmaça 10 müň işgär aljakdygyny mälim etdi. Merkezi edarasy Dohada ýerleşýän kompaniýa işgär sanyny 45 müňden 55 müňe ýetirer. Kompaniýanyň wekili “Qatar Airways”-iň pandemiýadan soňraky ösüşini dowam etdirýändigini mälim etdi. Wekiliň sözlerine görä, Filippinler, Hindistan we beýleki ýurtlardan işgär alnyp başlanypdyr. Futbol boýunça Dünýä Kubogy tamamlanandan soňra täze alnan işgärleriň näçesiniň işini dowam etdirjekdigi häzirlikçe belli däl.
Dünýäniň iň uly awiakompaniýalarynyň biri bolan “Qatar Airways” 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli gatnaýan şäherleriniň sanyny 33-e düşüripdir. Häzirki wagtda bu görkeziji gaýtadan artyp, 150-den geçdi. Geçen ýyl kompaniýanyň işgärleriniň sany 37 müňden az bolupdy.
Çempionat döwründe janköýerlere ýokary derejeli hyzmat etmek üçin kompaniýanyň käbir gatnawlary ýatyryldy.
Şeýle hem ýurtda köne aeroportlaryň biri açylyp, halkara awiakompaniýalar üçin açyldy. Dünýä Kubogy döwründe bu ýurda 1,2 million myhmanyň barmagyna garaşylýar.