“Harry Potter” filmleriniň uzyn boýly Hagridi aradan çykdy

299

Dünýä belli “Harry Potter “filmlerinde janlandyran Rubeus Hagridiň keşbi bilen ýatda galan BAFTA baýragynyň eýesi, meşhur aktýor Robbi Koltreýn 72 ýaşynda aradan çykdy. 1950-nji ýylyň 30-njy martynda Şotlandiýanyň Ruterglen şäherinde dünýä inen şotlandiýaly aktýor komediýaçy, ýazyjy hökmünde-de giňden tanalýar. Ol “Harry Potter” filmlerinde uzyn boýly, Potter we dostlaryna ýakyndan kömek berýän Hagridiň keşbini janlandyrypdy. Ol özüniň bu keşbi barada golaýda: “50 ýyl soňam bu filme tomaşa edip bilersiňiz. Ýöne men bolmaryn… diňe Hagrid bolar” diýipdi. “Jeýms Bond” filmleriniň 2-sinde-de surata düşen Koltreýne 2006-njy ýylda Iňlis şa maşgalasynyň täze ýyl hormat sylagy berlipdi. Koltreýn 2 çaganyň kakasydy.