Şwesiýanyň parlamenti täze Premýer-ministriň dalaşgärligini tassyklady. Ol Aram koalisiýa partiýasynyň lideri Ulf Kristersson. Riksdagyň (parlament) web sahypasyndaky maglumatlara görä, oňa 176 deputat ses berdi, 173-isi garşy ses berdi.
Ulf Kristersson 59 ýaşynda. 1997-nji ýyldan bäri Aram koalisiýa partiýasyna ýolbaşçylyk edýär. 2010-2014-nji ýyllarda Şwesiýanyň saglygy goraýyş we durmuş meseleleri ministri bolup işledi.
Şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen saýlawlarda sagçy bileleşik çepçi partiýalardan az artykmaçlyk bilen ýeňiş gazandy. Netijede, aşa sagçy Şwesiýa demokratlarynyň, hristian demokratlarynyň gatnaşmagynda koalisiýa döredildi. Kristersson liberallar tarapyndan hem goldanyldy.
Ýaşyllar, Sosial-demokratlar, Çep we Merkez partiýasy garşy ses berdiler.