Dünýäniň çäýnek şekilli iň uly binasy Hytaýyň Meýtan şäherinde ýerleşýär. Beýikligi 73,8 metr, diametri 24 metre barabar bolan bina ýurduň çaý önümçiligi bilen meşhurlyk gazanan şäherinde ýerleşýär. Çäýnek şekilli bina çaý medeniýet muzeýi hökmünde hyzmat edýär. Binanyň golaýynda käse şekilli ýene bir bina gurlupdyr. Derýanyň kenarynda beýik depäniň üstünde ýerleşýän bina toýundan ýasalan çäýnege meňzeýär. Hemişe köp myhmanly bolan “çäýnegiň” göwrümi 28 müň kub metre barabar. Binanyň içinde çaý medeniýetine degişli dürli eksponatlar bar.
Binanyň ýerleşýän seýilgähi bäş bölümden – heýkel, çaý geçelgesi, suwly oýun meýdançasy, medeni burç we gadymy ýodadan ybarat. Bu toplum ýurduň we dünýäniň dürli ýerlerinde çaýy halaýanlary we täsinliklere sarpa goýýanlary özüne çekýär.
Merjen KAIPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy
PDF









