Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň bi­rin­de ça­ga dog­lu­şyn­da­ky pe­se ga­çyş­ly­gyň “Covid-19” çäk­len­dir­me­le­ri bi­len bag­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. “Hu­man Rep­ro­ducti­on” žur­na­lyn­da ýaý­ra­dy­lan mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ça­ga dog­lu­şy­na pan­de­mi­ýa­nyň tä­sir eden­di­gi bel­li bol­dy. Ha­bar­da Lit­wa­da 28 we Ru­my­ni­ýa­da bol­sa 23 gö­te­rim pe­se ga­çyş ha­sa­ba al­nan­dy­gy bel­le­nil­ýar. Şeý­le­lik­de, bu ýurt­lar ça­ga dog­lu­şy iň köp pe­se ga­çan ýurt­lar bo­lup­dyr. “Lok­dawn”, ýag­ny, äh­li iş ýer­le­ri­niň ýa­py­lyp, kö­çä çyk­ma­gyň çäk­len­di­ril­me­dik ýur­dy bo­lan Şwe­si­ýa­da ça­ga dog­lu­şy öň­kü­li­gi­ne ga­lyp­dyr. Bi­ler­men­ler bu mag­lu­mat­la­ryň, esa­san hem, ila­tyň köp bö­le­gi­ni ýa­şu­ly nes­liň eme­le ge­tir­ýän Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­nyň de­mog­ra­fi­ýa­sy­na uzak möh­let­li tä­sir edip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Top­la­nan mag­lu­mat­da howp­suz ara­çä­giň sak­lan­ma­gy, wi­rus bi­len bag­ly gor­ky we şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­kan jem­gy­ýet­çi­lik me­se­le­le­ri­niň maş­ga­la­la­ryň ça­ga eýe bol­mak ba­ra­da­ky pi­kir­le­ri­ni yza süý­şür­me­gi­ne tä­sir edip­dir.
Ang­li­ýa­da we Gal­ler­de 2021-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­da, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyl­lar­da­ka ga­ra­nyň­da, ça­ga dog­lu­şy 13 gö­te­rim az bo­lup­dyr. Şot­lan­di­ýa­da dün­ýä inen bä­bek­le­riň sa­ny 14 gö­te­rim az bo­lup­dyr. Ça­ga dog­lu­şy Fran­si­ýa­da 14 gö­te­rim, Is­pa­ni­ýa­da 23 gö­te­rim aza­lyp­dyr.