Ispaniýa Ýewropada iň köp howa menzilli ýurt hasaplanýar. Bu ýurtdaky aeroportlaryň ählisini «Aena» korparasiýasy dolandyrýar. Bu barada Howa nawigasiýasynyň howpsuzlygy boýunça Ýewropa guramasy 2021-nji ýyldaky hasabatynda bellenilýär. Diňe Adolfa Suares adyndaky Madrid-Barahas howa menzilinden günde 800 töweregi, Barselonanyň El-Prat howa menzilinden 650, Palma-de-Maýorka howa menzilinden 622 uçuş amala aşyrylýar.
Uçarlary, ulaglaryň ähli görnüşlerini, kompýuter ulgamlaryny, suw we elektrik ýaly dürli çeşmeleri, köp sanly ýolagçy akymyny we köp sanly hünärmenleri öz içine alýan şeýle çylşyrymly çäreleri dolandyrmak, daşky gurşawy goramak üçin ägirt uly serişdeleri ýerleşdirmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Ýyladyşhana gazlarynyň global zyňyndylarynyň, takmynan 2,5 göterimi awiasiýa pudagyna degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, «Aena» howanyň üýtgemegine garşy göreşde goşant goşýan mehanizmleri ulanmagy meýilleşdirmekde 2040-njy ýyla çenli ýurduň howa menzillerinde zyňyndylaryň mukdaryny azaltmak üçin uly tagalla edýär.
Ispaniýanyň howa menzilleriniň edarasy «Aena» ýel we Gün energiýasy ýaly durnukly energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça hem iş alyp barýar. Çäreler toplumy golaýdaky sebitleriň durmuşyny gowulandyrar, biodürlüligi gorar we iş bilen üpjün etmek mümkinçiligini döreder.