Saud Arabystany BRIKS ýurtlarynyň bäşligine (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika) goşulmakçy. Bu barada Günorta Afrikanyň Prezidenti Siril Ramafosa mälim etdi.

Ramafosa ýakynda Saud Arabystanyna sapar edip, ýurduň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi. Hususan-da, duşuşykda ER-Riýadyň BRIKS-e agza bolmagy meselesi gozgaldy. Saud Arabystanyň häkimiýetleri bu bileleşige goşulmak isleýändigini aýtdy.

Ramafosanyň pikiriçe, 2023-nji ýylda Günorta Afrikanyň ýolbaşçylygynda BRIKS liderleriniň sammiti guralar. Duşuşykda BRIKS-e goşulmak isleýän beýleki ýurtlaryň bileleşige goşulmak meselesine hem garalar.

Ramafosa BRIKS-e Saud Arabystanynyň goşulyp giňelmegi, bileleşigiň hyzmatdaşlaryna möhüm üýtgeşmeler getirer diýip hasaplaýar.

BRIKSE-e agza ýurtlar dünýäniň ilatynyň 40 göterimini öz içine alyp, Ýer togalagynyň dörtden bir bölegini eýeleýär. Gurama 2006-njy ýylda Peterburg ykdysady forumynyň çäklerinde Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda esaslandyryldy.