Pakistanyň maliýe ministri Yshak Dar öz ýurdunyň Russiýa Federasiýasyndan ýangyç import etmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berdi.

Yshak Dar hususan-da Pakistanyň rus ýangyjyny Hindistanyň töleýän bahasyndan satyn almak isleýändigini aýtdy.

Şeýle hem, ol Pakistanyň häzirki wagtda başdan geçirýän ykdysady ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, Günbataryň Russiýadan energiýa çeşmeleriniň getirilmegine garşy çykmajakdygyna umyt bildirdi.