Azerbaýjanyň tebigy gaz önümçiligi şu ýylyň 9 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 8,6%, eksporty bolsa, 22,6% artypdyr. Ýurduň Energetika ministrliginiň gaz önümçiligi we eksporty bilen bagly maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde tebigy gaz önümçiligini artyşy möçber babatda 2,7 milliard kub metre barabar bolupdyr. Şeýlelikde, Azerbaýjanyň 9 aýlyk tebigy gaz önümçiligi 34,4 milliard kub metre ýetipdir.
9 aýyň dowamynda tebigy gazyň eksporty 16,3 milliard kub metre ýetipdir. Bu görkezijiniň 6,1 milliard kub metri Türkiýä akdyrylypdyr. Ýewropa 8,3 milliard kub metr, Gruziýa 1,9 milliard kub metr tebigy gaz eksport edilipdir.