Saud Arabystanynyň we Günorta Afrika Respublikasynyň hökümetleri umumy bahasy 15 milliard dollara barabar bolan bilelikdäki taslamalar barada şertnamalara we ylalaşyklara gol çekdiler. Bu barada ýerli habar portaly “News24” Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosanyň Patyşalyga döwlet saparyndan soň habar berdi.
Ylalaşylan şertnamalar, esasan, magdançylyk senagaty, energiýa, syýahatçylyk, logistika we oba hojalygyna degişlidir.
-Saud Arabystanynyň Günorta Afrika Respublikasyna maýa goýumlary 2018-nji ýylda GAR-yň ykdysadyýetine 10 milliard dollar maýa goýmak bilen başlandy. Şu güne çenli “ACWA Power” kompaniýasy arkaly Saud Arabystany tarapyndan Günorta Afrika Respublikasynda 1 milliard dollardan gowrak maýa goýuldy – diýip, Ramafosa häzirki şertnamalar bukjasyna gol çekilende belledi.
Taraplar bilelikdäki taslamalar toplumyny giňeltmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.