Fran­si­ýa Ger­ma­ni­ýa te­bi­gy gaz eks­port edip baş­la­dy. Eks­port edil­ýän gaz Ger­ma­ni­ýa­nyň sarp ed­ýän te­bi­gy ga­zy­nyň 2 gö­te­ri­mi­ne go­laý bo­lar. Fran­si­ýa­nyň te­bi­gy gaz to­ru­ny do­lan­dyr­ýan “GRTgaz” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň be­ren mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Fran­si­ýa­nyň ser­he­de go­laý Ober­gaýl­bah oba­syn­da­ky gaz­ge­çi­ri­ji­den gün­de­lik 31 gi­ga­wat/sa­gat­lyk gaz ak­dy­ry­lyp baş­lan­dy. Fran­si­ýa­nyň Ener­gi­ýa öw­rü­li­şi­gi mi­nistr­li­gi­niň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, bu ge­çi­ri­ji­den gün­de­lik 100 gi­ga­wat/sa­gat­lyk gaz ak­dy­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.
Iki ýur­duň ara­syn­da­ky ýe­ke-täk gaz­ge­çi­ri­ji il­ki­baş­da Ger­ma­ni­ýa­dan Fran­si­ýa gaz iber­mek mak­sa­dy bi­len gur­lup­dy. Em­ma ener­gi­ýa pu­da­gyn­da eme­le ge­len ýag­daý Ger­ma­ni­ýa­nyň has köp ener­gi­ýa al­mak ze­rur­ly­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Ge­rek bo­lan teh­ni­ki iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­den soň­ra ga­zyň il­ki­baş­da göz öňün­de tu­tu­lan­dan ters ta­ra­pa ak­dy­ryl­ma­gy üp­jün edil­di.
Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da soň­ky wagt­lar­da ener­gi­ýa dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len uzyn bol­ma­dyk, ara­lyk gaz we elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler gu­rul­ýar.
Fran­si­ýa, esa­san, Nor­we­gi­ýa­da gaz sa­tyn al­ýar. Şeý­le hem dür­li ýurt­lar­dan su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz al­ýar.