Türkmenistanyň oňyn başlangyçlary bütin dünýäde özara düşünişmäge we ynanyşmaga, ähli döwletleriň hem-de halklaryň deňhukuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýakyn goňşular bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada amatly geosyýasy we ykdysady şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini netijeli çözmek Türkmenistanyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Daşkentde, Buharada geçirilen işewürler duşuşyklarynyň barşynda umumy bahasy 450 million amerikan dollaryndan gowrak söwda geleşiklerine, maýa goýum taslamalary babatdaky ylalaşyklaryň 50-ä golaýyna gol çekilmegi hem saparyň taryhy ähmiýetini tassyklaýar. Olar, esasan-da, oba hojalygy, azyk senagaty, awtomobil, dokma, himiýa, nebithimiýa, ulag-logistika, syýahatçylyk, gurluşyk ýaly ugurlara degişlidir.
Saparyň barşynda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda gol çekilen Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk, Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama bu ugurdaky işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar.
20-21-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyzda resmi saparda bolýar. Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmen paýtagtynda gurlan «Daşkent» seýilgähi Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda açylar.
Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanyň paýtagtynda gurlan «Aşgabat» seýilgähi häzirki wagtda şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alýan iň söýgüli ýerleriniň biridir.
Türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň, agzybirliginiň we medeni taýdan ýakynlygynyň nyşany hökmünde türkmen paýtagtynda Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Daşkent» medeni we dynç alyş seýilgähiniň gurluşygyna 2021-nji ýylda başlanyldy. Seýilgäh 30 müň inedördül metre golaý meýdanda ýerleşip, onuň çäklerinde bina edilen desgalar Daşkendiň gözelliklerine meňzär.
16-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, 16-17-nji noýabrda Türkmen-özbek dostluk festiwalyny Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, doganlyk halklaryň amaly-haşam sungatynyň sergisini guramak, sahna oýunlarynyň, filmleriň görkezilişi göz öňünde tutulýar.
Özbek Lideriniň ýurdumyza bu gezekki resmi sapary köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi berer, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Metbugat maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.