Düýn Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Şu gün — 21-nji oktýabrda «Oguz han» köşkler toplumynda dostlukly döwletiň Baştutanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde gepleşikler geçirilýär. Ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Şeýle-de iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş ederler.

Ýeri gelende, Özbegistanyň Baştutanynyň ýurdumyza şu gezekki saparynyň maksatnamasynyň köpöwüşginli wakalara baýlygy bilen tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Saparyň çäklerinde dostlukly döwletiň Lideriniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň öňünde çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde gurlan «Daşkent» seýilgähiniň açylyşyna we onuň çäklerinde teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmaklary bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakalara öwrüler.