Şu gün «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.
Köşgüň «Rowaç» otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda «Soltan Sanjar» zalynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak, owgan meselesinde tagallalary birleşdirmek, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral meselesi boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň esasyny düzdi.
Taraplar energetika, ulag ulgamlaryny, goňşy sebitleriň arasyndaky göni gatnaşyklary ösdürmegi, himiýa senagatyny, senagat kooperasiýasyny, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Şunda Aşgabatda gurlan «Daşkent» seýilgähiniň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda şanly wakalaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şeýle-de taraplar Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň döredilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň yzysüre iki dostlukly döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.