«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisiniň işine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşigiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň işine ýokary baha berdiler. Bu forumyň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň netijeli gurallarynyň biri hökmünde özüni görkezendigi nygtaldy.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu forumda başlyklygy uly jogapkärçilik we minnetdarlyk duýgulary bilen kabul edýändigini aýdyp, şu günden başlap 2023-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň nobatdaky 16-njy mejlisini geçirmäge işjeň taýýarlyga başlaýandygyny belledi.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn orny parlamentara hyzmatdaşlygy eýeleýär. R.Meredow bu babatda Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ähmiýet berýändigini nygtady. Şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna boljak birinji resmi sapary parlament ugry boýunça, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmakda ähmiýetiniň bardygy beýan edildi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gün tertibiniň meselelerine seretmek bilen, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giňeldilmegine we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem çuňlaşdyrylmagyna öz ygrarlylygyny görkezýän türkmen-koreý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini belläp geçdiler.