Kos­mos be­ke­din­den gö­nü­den-gö­ni in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Star­link” eme­li hem­ra­la­ry ar­ka­ly mun­dan ozal uçar ýo­lag­çy­la­ry üçin hem in­ter­net hyz­ma­ty­nyň be­ril­jek­di­gi mä­lim edi­lip­di. Esa­san, me­de­ni zo­lak­dan uzak­da ýa­şa­ýan­la­ry ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net hyz­ma­ty bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len taý­ýar­la­nan tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de uçu­ry­lan eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly aw­tou­lag­lar üçin hem in­ter­net hyz­ma­ty­nyň be­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Mun­dan ozal kom­pa­ni­ýa “Star­link-for-RVs” at­ly hyz­ma­ty­nyň çäk­le­rin­de aw­tou­lag­la­ryň du­ran wag­ty in­ter­net­den peý­da­la­nyp bil­jek­dik­le­ri­ni mä­lim edip­di. In­di bol­sa, bu hyz­mat­dan he­re­ket ed­ýän aw­tou­lag­da hem peý­da­la­nyp bo­lar. Bu hyz­mat­dan peý­da­lan­mak üçin ula­ny­jy­lar ba­ha­sy 2500 dol­lar bo­lan an­ten­na sa­tyn al­ma­ly bo­lar­lar. Ada­ty “Star­link” eme­li hem­ra­la­ry­nyň ba­ha­sy 600 dol­lar. Aw­tou­la­ga ber­ki­dil­jek an­ten­na ar­ka­ly hö­dür­len­ýän in­ter­ne­tiň üz­nük­siz we ýo­ka­ry tiz­lik­li bol­jak­dy­gy aý­dyl­dy.
Hä­zi­re çen­li “Star­link” tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­sy­na 2 müň­den gow­rak ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra uçu­ryl­dy. Şu ýy­lyň maý aýyn­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu hyz­mat­dan dün­ýä­niň 36 ýur­dun­da 400 müň­den gow­rak ula­ny­jy peý­da­lan­ýar.

Eziz­gu­ly Beg­my­ra­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by