20-22-nji oktýabr aralygynda Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde Ýewropada ilkinji gezek akulalary goramak boýunça «Sharks-2022» Bütindünýä kongresi geçirildi. Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän halkara çäresinde alymlaryň 400-den gowragy akulalaryň ýaşaýşyna täsir edýän esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatda soňky onýyllyklarda ummanlarda ýaşaýan akulalaryň sanynyň 70% azalmagynyň, emele gelen ýagdaýyň tutuş ekoulgamlara çynlakaý howp salmagynyň esasy meseleleriň biri bolup durýandygy bellenildi.
Akulalar ilkinji ösümlikler planetanyň ýüzünde peýda bolmazdan ozal, 450 million ýyldan gowrak wagt bäri dünýä ummanlarynda ýaşap gelýärler. Balyklaryň bu maşgalalary köpçülikleýin ýitip gitmekden halas bolupdyrlar. Ispaniýa dünýäde akula etini iň köp eksport edýän ýurtlaryň biridir.
– Akula eti arzan bahasy bilen tapawutlanyp, kekirdewüklerinden kollagen diýlip atlandyrylýan iýmit goşundysy alynýar, süňkleri bolsa, zergärçilikde ulanylýar. Şoňa görä, olary awlamaga gyzyklanma uly bolup, ekologik betbagtçylygyň öňüni almak üçin kanunlar we kwotalar zerur – diýip, Walensiýa politehniki uniwersitetiniň barlag geçirijisi Pedro Garsiýa-Salinas belledi. Hut şol sebäpli kongresiň esasy ugurlarynyň biri hem maglumat-düşündiriş işleri bolup, giň halk köpçüliginiň akulalaryň ekoulgamdaky orny barada habarly edilmegidir. «Sharks-2022» Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüşiň bähbitlerine umman ylymlarynyň halkara onýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýär.