Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed bin Raşid Al-Maktumyň başlangyjy bilen ýola goýlan altynjy fitnes marafony «Dubai Fitness Challenge» (DFC) gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri başlady. Bu barada «Dubai Tourism»-iň metbugat gullugy habar berdi. 29-njy oktýabr – 27-nji noýabr aralygynda guraljak meşhur sport çäresiniň dowamynda köp sanly fitnes çäreleri geçiriler. Her ýylda guralýan fitnes marafony sagdyn geljegi üpjün etmek, Dubaýy dünýäniň iň işjeň şäherleriniň birine öwürmek, şeýle hem, ýaşamak, işlemek we syýahat etmek üçin ajaýyp şäher hökmünde abraýyny artdyrmak maksady bilen esaslandyryldy.
Dubaýyň ýaşaýjylary we myhmanlary biraýlygyň dowamynda her gün 30 minut maşk etmek şerti bilen, dünýäniň iň uly fitnes çärelerine gatnaşmak üçin «www.dubaifitnesschallenge.com» web sahypasynda bellige alnyp bilerler. Bu ýyl emirligiň myhmanlary we ýaşaýjylary festiwalyň taryhynda has köp ýerlere – 2 sany fitnes şäherjigine, 15 sany köpçülikleýin fitnes merkezine, köp sanly sport çärelerine we müňlerçe mugt sapaklara baryp bilerler. 6-njy noýabrda Şeýh Zaýed ýolunyň ugrunda «Dubai Ride» welosiped ýaryşy, 20-nji noýabrda bolsa, «Dubai Run» ylgaw sport çäresi guralar. Geçen ýyl bu iki çärede rekord mukdardaky gatnaşyjylar bellige alnyp, 33 müň welosipedçiniň «Dubai Ride» ýaryşyna gatnaşandygyny we 146 müň ylgawçynyň bolsa, «Dubai Run» ylgawyna gatnaşandygyny bellemek gerek.
– Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed bin Raşid Al-Maktumyň başlangyjyna laýyklykda guralýan «Dubai Fitness Challenge» festiwaly emirligiň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge çagyrýar. DFC sebitdäki iň uly fitnes çäreleriniň birine öwrüldi we oňa bolan isleg, Dubaýy dünýäniň iň işjeň şäherleriniň birine öwürmek baradaky tagallalarymyzy beýan edýär. Bu möhüm başlangyjy amala aşyrmak hem-de Dubaýda guraljak 6-njy fitnes bäsleşigini üstünlikli geçirmek üçin Dubaýyň sport geňeşi bilen hyzmatdaşlygymyza buýsanýarys – diýip, Dubaýyň festiwallary dolandyryş we bölekleýin söwda edarasynyň baş direktory Ahmed Al Hadja gürrüň berdi.
– «Dubai Fitness Challenge» fitnes marafony şäherlileriň özleriniň fiziki we ruhy sagdynlygyny berkitmek ugrundaky gyzyklanmasynyň subutnamasydyr. Basym Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk bölümi bilen hyzmatdaşlykda, Dubaýda guraljak altynjy fitnes bäsleşigine badalga bereris. Biziň ähli tagallalarymyz, täze maksatlara ýetmek we has işjeň durmuş ýörelgesine eýermek bilen bir hatarda, şäheriň her bir ýaşaýjysynyň iň oňat bedenterbiýe çärelerine elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Geçen ýyl festiwalyň çäginde guralan müňlerçe fitnes çärelerine şäheriň 1,65 milliondan gowrak ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy – diýip, Dubaýyň sport geňeşiniň baş sekretary Said Hareb aýtdy.
PDF









