Al­tyn­jy fit­nes ma­ra­fo­ny ge­çi­ri­ler

75

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, Du­ba­ýyň hä­ki­mi Mu­ham­med bin Ra­şid Al-Mak­tu­myň baş­lan­gy­jy bi­len ýo­la goý­lan al­tyn­jy fit­nes ma­ra­fo­ny «Du­bai Fit­ness Chal­len­ge» (DFC) gat­naş­mak üçin ha­sa­ba alyş iş­le­ri baş­la­dy. Bu ba­ra­da «Du­bai Tou­rism»-iň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. 29-njy okt­ýabr­ – 27-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da gu­ral­jak meş­hur sport çä­re­si­niň do­wa­myn­da köp san­ly fit­nes çä­re­le­ri ge­çi­ri­ler. Her ýyl­da gu­ral­ýan fit­nes ma­ra­fo­ny sag­dyn gel­je­gi üp­jün et­mek, Du­ba­ýy dün­ýä­niň iň iş­jeň şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek, şeý­le hem, ýa­şa­mak, iş­le­mek we sy­ýa­hat et­mek üçin aja­ýyp şä­her hök­mün­de ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len esas­lan­dy­ryl­dy.
Du­ba­ýyň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry bi­raý­ly­gyň do­wa­myn­da her gün 30 mi­nut maşk et­mek şer­ti bi­len, dün­ýä­niň iň uly fit­nes çä­re­le­ri­ne gat­naş­mak üçin «www.du­bai­fit­nesschal­len­ge.com» web sa­hy­pa­syn­da bel­li­ge al­nyp bi­ler­ler. Bu ýyl emir­li­giň myh­man­la­ry we ýa­şaý­jy­la­ry fes­ti­wa­lyň ta­ry­hyn­da has köp ýer­le­re – 2 sa­ny fit­nes şä­her­ji­gi­ne, 15 sa­ny köp­çü­lik­le­ýin fit­nes mer­ke­zi­ne, köp san­ly sport çä­re­le­ri­ne we müň­ler­çe mugt sa­pak­la­ra ba­ryp bi­ler­ler. 6-njy no­ýabr­da Şeýh Za­ýed ýo­lu­nyň ug­run­da «Du­bai Ri­de» we­lo­si­ped ýa­ry­şy, 20-nji no­ýabr­da bol­sa, «Du­bai Run» yl­gaw sport çä­re­si gu­ra­lar. Ge­çen ýyl bu iki çä­re­de re­kord muk­dar­da­ky gat­na­şy­jy­lar bel­li­ge al­nyp, 33 müň we­lo­si­ped­çi­niň «Du­bai Ri­de» ýa­ry­şy­na gat­na­şan­dy­gy­ny we 146 müň yl­gaw­çy­nyň bol­sa, «Du­bai Run» yl­ga­wy­na gat­na­şan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
– Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, Du­ba­ýyň hä­ki­mi Mu­ham­med bin Ra­şid Al-Mak­tu­myň baş­lan­gy­jy­na la­ýyk­lyk­da gu­ral­ýan «Du­bai Fit­ness Chal­len­ge» fes­ti­wa­ly emir­li­giň ýa­şaý­jy­la­ry­ny we myh­man­la­ry­ny sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mä­ge ça­gyr­ýar. DFC se­bit­dä­ki iň uly fit­nes çä­re­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di we oňa bo­lan is­leg, Du­ba­ýy dün­ýä­niň iň iş­jeň şä­her­le­riniň bi­ri­ne öwür­mek ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­ry­my­zy be­ýan ed­ýär. Bu mö­hüm baş­lan­gy­jy ama­la aşyr­mak hem-de Du­baý­da gu­ral­jak 6-njy fit­nes bäs­le­şi­gi­ni üs­tün­lik­li ge­çir­mek üçin Du­ba­ýyň sport ge­ňe­şi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­my­za buý­san­ýa­rys – di­ýip, Du­ba­ýyň fes­ti­wal­la­ry do­lan­dy­ryş we bö­lek­le­ýin söw­da eda­ra­sy­nyň baş di­rek­to­ry Ah­med Al Had­ja gür­rüň ber­di.
– «Du­bai Fit­ness Chal­len­ge» fit­nes ma­ra­fo­ny şä­her­li­le­riň öz­le­ri­niň fi­zi­ki we ru­hy sag­dyn­ly­gy­ny ber­kit­mek ug­run­da­ky gy­zyk­lan­ma­sy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ba­sym Du­ba­ýyň Yk­dy­sa­dy­ýet we sy­ýa­hat­çy­lyk bö­lü­mi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da, Du­baý­da gu­ral­jak al­tyn­jy fit­nes bäs­le­şi­gi­ne ba­dal­ga be­re­ris. Bi­ziň äh­li ta­gal­la­la­ry­myz, tä­ze mak­sat­la­ra ýet­mek we has iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek bi­len bir ha­tar­da, şä­he­riň her bir ýa­şaý­jy­sy­nyň iň oňat be­den­ter­bi­ýe çä­re­le­ri­ne el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ge­çen ýyl fes­ti­wa­lyň çä­gin­de gu­ra­lan müň­ler­çe fit­nes çä­re­le­ri­ne şä­he­riň 1,65 mil­li­on­dan gow­rak ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry gat­naş­dy – di­ýip, Du­ba­ýyň sport ge­ňe­şi­niň baş sek­re­ta­ry Sa­id Ha­reb aýt­dy.