Bütin dünýäde gündelik durmuşda we önümçilikde zibil mukdaryny azaltmak üçin çözgütler işlenip taýýarlanýar. Ýaponiýanyň Osaka uniwersitetiniň bilermenleri gaplama materiallaryny ulanman önümlere bellik etmegiň örän täsin we özboluşly usulyny teklip etdiler. Bu usul kwadrat (QR) kodlaryny önümiň özüne gönüden-göni zerur maglumatlar bilen ulanmakdan ybaratdyr.

“Interiqr” atly bu tehnologiýa 3D printeriň ulanylmagy bilen amala aşyrylýar. Alymlar 3D printeriň kömegi bilen QR koduny kökäniň ýüzüne “çap etdiler”. Bu gutujygyň dükanlarda satylýanlardan tapawudy ýok. Gutujygy ýagtylykda saklasaňyz, boşluklardan emele gelen QR koduny görüp bolýar. Onda öndüriji we möhleti barada maglumat bolup, smartfon arkaly okadyp bolýar. Bu nusga, häzirki wagtda ulanylýan gaplamalary azaldyp boljakdygyny görkezýän hakyky mysallaryň biridir.

Bu tehnologiýanyň giňden ýaýramagy bilen öndürijiler harydyň bahasy we beýleki maglumatlary üçin ýelmenýän kagyzlary ulanmazdan çykdajylary azaldyp bilerler. Şeýle hem, bu bellikleri galp usulda ýasap bolmaýar ýa-da gaýtadan ýelmäp bolmaýar.

Myratly Annaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby