23-nji oktýabrda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti Si Szinpini baş sekretar wezipesine üçünji gezek saýlady. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugy habar berdi. Şeýlelikde, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, döwlet Baştutany we ýurduň Merkezi harby geňeşiniň başlygy wezipesini dowam etdirer.
Şeýle hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti syýasy býuronyň täze düzüminiň agzalaryny saýlady. Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň maglumatlaryna görä, oňa ýedi adam girdi.
Ses berişlik Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň XX gurultaýynyň birinji mejlisinde geçirildi. Si Szinpin, Li Sýan, Çžao Leszi, Wan Hunin, Li Si, Saý Si we Din Suesýan hemişelik komitetiň agzalary boldular. Hemişelik komitetiň ýedi agzasyndan başga-da syýasy býuro 17 adam goşuldy.
2023-nji ýylyň martynda geçiriljek Hytaýyň Milli halk gurultaýynyň mejlisinde, Merkezi komitetiň syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzalary, däp boýunça, Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet geňeşiniň premýeri wezipesini, Hytaýyň Halk wekilleriniň gurultaýynyň hemişelik komitetiniň başlygy wezipesini we Hytaýyň syýasy gurluşyndaky beýleki möhüm wezipeleri eýelärler.