Ka­na­da­nyň “Au­rea Techno­lo­gi­es” şe­re­ke­ti is­len­dik ýer­de ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ki­çi göw­rüm­li ýe­le be­ke­di­ni ön­dür­di. O di­ýen uly bol­ma­dyk pe­riň ön­dür­ýän ener­gi­ýa­sy bi­len elekt­ron en­jam­la­ry­na zar­ýad be­rip ýa-da iş­le­dip bol­ýar. “Shi­ne” at­ly tur­bi­na­nyň ulu­ly­gy suw çüý­şe­si­niň­kä ba­ra­bar. Meý­da­na otur­ma­ga ýa-da baş­ga bir se­bäp bi­len me­de­ni zo­lak­dan uzak ýe­re gi­di­len­de uly ýe­ňil­lik dö­ret­jek bu en­ja­myň ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 1,4 ki­log­ram. En­ja­myň ener­gi­ýa ön­dü­ri­ji­lik ne­ti­je­li­li­gi ulu­ly­gy göz öňün­de tu­tu­lan­da, bar bo­lan Gün pa­nel­le­rin­den we beý­le­ki ener­gi­ýa be­ket­le­rin­den has ýo­ka­ry. En­ja­myň ýe­ňil we ae­ro­di­na­mi­ka ba­bat­da kä­mil per­le­ri pes­saý öwüs­ýän şe­mal­da hem ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Is­len­dik açyk mer­dan­da ula­nyp bol­jak en­ja­myň ba­ha­sy 240 dol­lar­dy­gy mä­lim edil­di.

Ber­di­mu­rat Kö­me­kow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by