Dubaýda 28-nji gezek däp bolup giden gyşky söwda festiwaly guralýar. Bu ýyl söwda we güýmenje pudagyndaky esasy wakalar 46 gün dowam eder. Festiwalyň özi 2022-nji ýylyň 15-nji dekabryndan 2023-nji ýylyň 29-njy ýanwaryna çenli dowam eder. Bu barada “Dubai Tourism”gullugy habar berdi.

Myhmanlara 46 gün dowam etjek satuw, arzanladyşlar we gastronomik lotereýalar garaşýar. Şeýle hem bu ýyl DSF-niň maksatnamasynda “Burj Park”-daky meşhur “Etisalat MOTB” bazary, “DSF Drones” ýagtylyk şüweleňi hem-de gyzykly “Dubai Lights” sergisi bar. Dubaýyň festiwallary we bölek söwda dolandyryş bölüminiň baş müdiri Ahmed Al-Hajyň sözlerine görä, Dubaý söwda festiwaly kiçijik sebitleýin wakadan şäheriň her ýyl hödürleýän iň gowy baýramçylygyna öwrüldi.

-28-nji gezek guralýan söwda festiwaly dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň Dubaýa gelip görmegine we şunuň ýaly uzak wagtlap dowam edýän festiwala gatnaşmaklaryna mümkinçilik döredýär. Bu ýyl hemmäni bu ýerde guraljak dürli güýmenjelerden, gastronomiýadan, söwdadan we dynç alyşlardan lezzet almaga çagyrýarys. Hyzmatdaşlarymyz we bölek satyjylarymyz bilen ýatdan çykmajak möwsüme sabyrsyzlyk bilen garaşýarys – diýip, Ahmed Al Hadja sözüni jemledi.

1971-nji ýylyň 2-nji dekabrynda birnäçe emirlikleriň emirleri ýeke-täk döwlet – Birleşen Arap Emirliklerini döretmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Şu günler şäher ýurduň baýdagynyň reňkleri bilen bezelen: söwda merkezleri, gökdiränler, seýilgähler – sözüň doly manysynda ähli zatlara gyzyl, ak, ýaşyl we gara reňkler zynat berýär.