“Ford” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 46 ýyl­dan bä­ri ön­dü­ril­ýän “Fi­es­ta” mo­de­li­niň önüm­çi­li­gi­niň ýa­ty­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­ki­li “Elekt­rik­leş­me bi­len bag­ly ta­gal­la­la­ry­ny çalt­laş­dyr­ýan­dyk­la­ry­ny, şol se­bäp­li ulag sa­na­wy­ny iş tej­ri­be­si­ni çyg­ryn­da göz­den ge­çir­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­nyň “Fi­es­ta” mo­de­lin­den Ang­li­ýa­da 5 mil­lio­ny sa­ty­lyp, ýur­duň iň köp sa­ty­lan ula­gy bo­lup­dy.
“Auto Express” ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, “Fi­es­ta”-nyň önüm­çi­li­gi­niň ýa­ty­ryl­jak­dy­gy, gel­jek­de kom­pa­ni­ýa­nyň äh­li mo­del­le­ri­niň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de bu ula­gyň ener­gi­ýa­nyň tä­ze gör­nü­şi bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi çy­ka­ryl­maz. Şeý­le hem bu mo­de­liň gel­jek ýy­lyň or­ta­la­ryn­da sa­tuw­da aý­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.
“Fi­es­ta” mo­de­li 1976-njy ýyl­da hö­dür­len­ýär. Ki­çi göw­rüm­li we ýan­gy­jy tyg­şyt­ly sarp et­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ulag ýyl­la­ryň do­wa­myn­da, esa­san, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry üçin ön­dü­ril­di. Şon­dan bä­ri 22 mil­li­on “Fi­es­ta” sa­tyl­dy. Bu mo­del Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da Bra­zi­li­ýa, Ar­gen­ti­na, We­ne­sue­la, Mek­si­ka, Taý­wan, Hy­taý, Hin­dis­tan, Taý­land we Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da ön­dü­ril­di.

Mag­tym­gu­ly Dur­dy­ýew, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by