Ýurtlar ýyladyşhana gazlarynyň howa goýberilýän möçberlerini azaldýarlar, emma bu tagallalar 2100-njy ýyla çenli Selsiý boýunça ählumumy maýlamanyň 1,5 derejede ýokarlanmagynyň öňüni almakda ýeterlik däldir. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň nutugynda bellenýär.

Resminamada 2015-nji ýylda Pariž ylalaşygyna gol çeken ýurtlaryň howa syýasaty Ýer togalagynda häzirki ýüzýyllygyň dowamynda howanyň ýylylyk derejesiniň 2,5 gradus ýokarlanmagyna getirip biler diýilip bellenilýär. Bu çaklama geçen ýyldakydan 13,7% oňyn häsiýete eýe, emma bu ugurdaky tagallalar entek ýeterlik däldir.

“2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak boýunça iş alyp barýan ýurtlaryň köp babatda ösüş gazanmak ähtimallygy uly. Ýöne biz munuň heniz ýeterlik däldigini aýtmalydyrys, ýagny dünýäde Selsiý boýunça 1,5 derejeden artyk bolmadyk gyzgynlyk derejesini gazanmak boýunça talap edilýän depgine ýetip bilemzok” diýip, Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň ýerine ýetiriji sekretary Saýmon Stil belledi.

Onuň pikiriçe, ýurtlaryň hökümetleri daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamalary güýçlendirmelidirler we olary golaý sekiz ýylyň dowamynda durmuşa geçirmelidirler.

Şeýle hem, Saýmon Stil döwlet Baştutanlaryny 6-18-nji noýabr aralygynda Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherinde geçiriljek BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-27) 27-nji maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.