“Shell” kompaniýasy iýul-sentýabr aýlaryny öz içine alýan üç aýlyk döwürde çaklamalardan has ýokary girdeji gazandy. Iňlis-niderland kompaniýasynyň peýdasy şu ýylyň üçünji çärýeginde 9,5 milliard dollara ýetdi. Energiýa ägirdi ýylyň degişli döwründe 4,2 milliard dollar peýda gazanypdyr. Şeýlelikde, bu görkeziji ikinji çärýekdäkiden az hem bolsa, geçen ýylyň degişli döwründäkiden iki esse ýokary bolupdyr.
Ýylyň ikinji çärýeginde bolsa, “Shell” 11,4 milliard dollar peýda gazanandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, ýylyň 9 aýynda “Shell” 30 milliard dollar peýda gazandy.
Baýrammyrat Amanmyradow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
PDF









