Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü gatnaşdy.
Okuw sapagyna ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan 500 sany hünärmen gatnaşdy. Bu ýerde alnyp barlan okuw sapagynda oba hojalyk işleri, bagçylyk, miweli baglardan üzümiň ýetişdirilişi, onuň dürli sortlary, üzümiň peýdasy, baglara ideg etmek barada giňişleýin söhbet edildi.
Sebitiň täze merkeziniň töwereklerinde ösdürilýän ekerançylyk, bagçylyk bu ýerde ekologik abadançylygyň saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary guramaçylykly geçen bu okuw sapagyny Türkmen oba hojalyk institutynyň ekerançylyk-ylmy önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Myrat Paşşykow alyp bardy.
Okuw sapagyndan soňra oňa gatnaşan hünärmenler tarapyndan bu ýerde 500 sany üzüm nahaly ekildi. Şeýlelikde, bu ýerde üzümiň “gara kişmiş” görnüşiniň 500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy. Munuň özi açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle giň gerimli okuw sapagynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär.
Ginnesiň rekordlar kitabyna Türkmenistanyň birnäçe özboluşly milli desgalarynyň we gazananlarynyň, ýurdumyzda geçirilen çäreleriň girizilendigini bellemek gerek. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagy şol çäreleriň hataryndadyr.