Alkogolsyz içgileri öndürýän dünýäniň iň uly kompaniýasy bolan “Coca-Cola Co.” 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini 14% artdyrdy. Bu görkeziji çaklamalardan ýokary boldy. Iýul – sentýabr aýlary aralygyny öz içine alýan döwürde kompaniýanyň arassa girdejisi 2,825 milliard dollar bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe bir ýyl ozalky 2,471 milliard dollar bolan eken. Kompaniýanyň girdejisi bolsa, 10,2% ýokarlanyp, 11,063 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde 16% ösüş gazanyldy.
Geçen çärýekde “Coca-Cola”-nyň Demirgazyk Amerikada girdejisi 21%, EMEA sebitinde (Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Afrika) 4%, Latyn Amerikasynda 12%, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 4% ýokarlandy.
Harytlaryň satuw möçberi ýyllyk 4% ýokarlandy. Şol sanda gazly içgileriň satuwy, esasan, Hindistanda, Meksikada we Hytaýda gazanylan ösüşleriň hasabyna 3% ýokarlandy. Şireli suwlaryň, süýtli içgileriň we ösümlik esasly içgileriň satuwy üýtgemedi, suwuň, sport içgileriniň, kofeniň we çaýyň satuwy bolsa 7% ýokarlandy.
“Coca-Cola”-nyň girdejisiniň 2022-nji ýylyň jemi boýunça 6-7% ýokarlanmagyna garaşýar.
Begenç Baýramdurdyýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
PDF









