Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we giňeltmekden ybaratdyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän ýurdy bolan Özbegistan Respublikasy hem bar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklaryna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedir. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan bu hoşniýetli däpler mynasyp dowam etdirilip, mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.
Ikitaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan köptaraplaýyn esasda hem, BMG-niň we beýleki abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Ýokary, Hökümet we pudaklaýyn derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, onuň köptaraplaýyn mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
Şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyran resmi sapary hoşniýetli goňşuçylygyň we ebedi dostlugyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Saparyň dowamynda geçirilen gepleşikler iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň täze derejä çykýandygyny görkezdi. Kalplara egsilmez joşgun bagyşlan wakalaryň biri bolsa paýtagtymyzda «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň açylyp ulanylmaga berilmegi boldy. Bu dynç alyş seýilgähinde geçirilen dabaralaryň çäklerinde göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň ak pata bermegi bilen bu möhüm desganyň gurluşygyna badalga berildi. Iki döwletiň hormatly ýaşulularynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmek maksady bilen, serhetýaka zolaklaryň – Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň Özbegistanyň Buhara hem-de Horezm welaýatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, suw, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça öňegidişlikleri gazanmak başartdy. «Ýol kartasy» esasynda gazanylan ylalaşyklar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ulag ulgamy Türkmenistanyň Özbegistan bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Iki ýurduň tagallalarynyň baş maksady Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly we häzirki zaman düzümini döretmäge gönükdirilýär. Özbegistan–Türkmenistan–Hazar deňzi–Gara deňziniň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykmak arkaly, ulag ugurlaryny ösdürmek boýunça işleri bilelikde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman–Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmek wajyp bolup durýar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Hormatly professory» alymlyk adynyň dakylmagy türkmen-özbek ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hem berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Polat ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.