Hal­ky­myz ala­baý it­le­ri­ni ýe­tiş­dir­me­kde, sak­la­ma­kda seç­gi­çi­li­giň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir. Ala­ba­ýy gü­jük­lik­den saý­lap al­mak­dan baş­lap, uly it çyk­ýan­ça­ di­ňe bir idet­mek däl, eý­sem, baş­ga-da en­çe­me çä­re­ler, däp­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Me­se­lem, ala­baý­la­ryň gu­la­gy­nyň, guý­ru­gy­nyň ke­sil­me­gi­niň ýa-da ola­ryň bi­ziň şert­le­ri­mi­ze uý­gun­laş­mak­la­ry üçin öw­re­di­len en­dik­le­riň öz ma­ny­sy, ze­rur­lyk­la­ry bar. Ala­baý­la­ryň aýak­la­ry­nyň, aý­ra­tyn hem, öň aýak­la­ry­nyň uzyn bol­ma­gy ola­ry çä­gä­niň how­run­dan go­ra­ýar. Türk­men ala­baý­la­ry­ny ýe­tiş­dir­me­giň öz­bo­luş­ly sun­ga­ty mun­dan 10–12 müň ýyl ozal baş­la­nyp, hä­zir­ki gü­ne çen­li do­wam ed­ýär.

Ol asyr­lar­dan-asyr­la­ra aşyp, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Bu ta­ry­hy döw­rüň do­wa­myn­da türk­men ala­baý­la­ryn­dan dün­ýä­niň en­çe­me it­le­ri­niň to­hum­la­ry al­nyp­dyr. Hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da türk­men ala­baý­la­ry­ny ýe­tiş­dir­me­giň syr­la­ry­ny sak­lap, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çir­me­gi ba­şa­ryp­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da türk­men ala­baý­la­ry­nyň ös­dü­ri­li­şi­ni kä­mil­leş­dir­mek, ony dün­ýä ta­nat­mak mak­sa­dy bi­len, 2020-nji ýyl­da Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy dö­re­dil­di. Ýur­du­myz­da her ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my­ny uly da­ba­ra bi­len bel­le­mek in­di dä­be öw­rül­di. Bu şan­ly se­ne bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýur­du­myz­da bir­nä­çe bäs­le­şik­ler, ser­gi­ler ge­çi­ril­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de türk­men hal­ky­nyň mil­li mi­ra­sy­na we naý­ba­şy gym­mat­lyk­la­ry­na go­ýul­ýan sar­pa gün­sa­ýyn art­ýar. 2022-nji ýy­lyň 26–28-nji ýan­wa­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Türk­men top­ra­gy – dün­ýä ýaň sa­lan me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň oja­gy» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat hem mu­nuň şeý­le­di­gi­ni aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­ýär. Mas­la­ha­tyň «Mer­da­na türk­men ala­ba­ýy – ke­rem­li te­bi­ga­tyň aja­ýyp peş­ge­şi» at­ly bö­lü­mi güýç-kuw­wa­tyň, hoş­me­ýil­li ru­hy güý­jüň, ýeň­şe bo­lan çäk­siz er­kiň ny­şa­ny bo­lan ala­ba­ýyň we­pa­ly­ly­gy­na we eder­men­li­gi­ne ba­gyş­lan­dy. «Geç­miş­den jan­ly ýa­dy­gär – mer­da­na türk­men ala­baý­la­ry», «Ha­ly we ama­ly-ha­şam sun­ga­tyn­da türk­men ala­ba­ýy­nyň çe­per was­py» at­ly bö­lüm­ler­de bol­sa türk­men ala­baý­la­ry­nyň ga­dy­my­ly­gy be­ýan edil­di. Ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar­da «Ta­zy guý­ruk», «It ýa­tak», «Gü­jük yzy» ýa­ly ga­dy­my göl­le­riň daş ýü­zün­dä­ki nus­ga­la­ry­nyň duş gel­me­gi hal­ky­my­zyň türk­men ala­baý­la­ry­ny sak­la­ma­gy, kö­pelt­me­gi sun­gat de­re­jä ýe­ti­ren­di­gin­den ny­şan­dyr.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ala­baý­la­ry­ny hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­ly­gy hök­mün­de go­rap sak­la­mak, ola­ryň şan-şöh­ra­ty­ny be­len­de gö­ter­mek hem-de dün­ýä ýaý­mak bi­len en­çe­me iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. It­çi­li­gi we ki­no­lo­gi­ýa işi­ni ös­dür­me­giň hu­kuk, yk­dy­sa­dy we gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len, «It­çi­lik we ki­no­lo­gi­ýa işi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lyp, ol 2022-nji ýy­lyň 16-njy iýu­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di.
Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy öw­ren­mek­de, ös­dür­mek­de we dün­ýä ýaý­mak­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de Arkadagly Serdarymyza al­kyş­la­ry­myz çäk­siz­dir.

Be­genç MÜL­KI­ÝEW,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.