Len­ta ýaz­gy et­mek. XIX asy­ryň ahy­ryn­da da­ni­ýa­ly Wal­de­mar Po­ul­sen te­leg­ra­fon at­ly ses ýaz­gy­sy­ny ed­ýän we ony so­ňun­dan diň­läp bol­ýan en­ja­my oý­lap tap­ýar. Mag­nit­li sim ar­ka­ly ses ýaz­dy­ryp bol­ýan bu en­jam­da­ky ses o di­ýen du­ry çyk­ma­ýan eken. Şeý­le hem ses ýaz­gy­sy­ny edip bol­ýan simiň en­ja­myň için­de ýer­leş­ýän­di­gi se­bäp­li, ses ýaz­gy­sy­ny uzak wagt sak­lap bol­ma­ýan eken. Po­ul­sen bu açy­şy­ny 1900-nji ýyl­da Pa­riž­de ge­çi­ri­len «Expo­si­ti­on Univer­sel­le» ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge gör­kez­ýär. Po­ul­sen Ko­pen­ga­gen te­le­fon kom­pa­ni­ýa­syn­da iş­läp, yk­jam dis­kiň hem il­kin­ji ha­sap­lan­ýan en­ja­my­ny oý­lap tap­ýar. Po­ul­sen­den öň şeý­le açy­şy hiç kim tas­syk­lat­man eken. Şeý­le­lik­de, ol ses ýaz­gy ed­ýän il­kin­ji adam ha­sap­lan­ýar.
1928-nji ýyl­da ne­mes in­že­ne­ri, dok­tor Fritz Pflau­mer (1881-1945) mag­nit kül­ke­si­ni ýu­ka­jyk ka­gy­zyň ýü­zü­ne ýel­me­me­gi ba­şar­ýar. Bu usul şon­dan soň­ra uzak wagt­lap peý­da­la­nyl­jak tä­ze açy­şyň il­kin­ji ädi­mi bol­ýar. Şeý­le­lik­de, ses len­ta­sy­na ýaz­gy et­mek usu­ly eme­le gel­ýär.
1930-njy ýyl­da mer­ke­zi eda­ra­sy Ber­lin­de ýer­leş­ýän AEG kom­pa­ni­ýa­sy Pflau­me­riň usu­lyn­dan peý­da­la­nyp, mag­ni­to­fon at­ly ses ýaz­gy edip bol­ýan en­ja­my ön­dür­ýär. Kom­pa­ni­ýa ýaz­gy len­ta­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak üçin plas­ti­ka ön­dür­mek­de uly tej­ri­be top­lan BASF kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. BASF kom­pa­ni­ýa­sy iş­läp taý­ýar­lan ul­ga­myn­da de­mir ok­si­di bi­len ör­tü­len, in­siz eme­li sell­ýu­lo­za­dan peý­da­lan­ýar. Şeý­le­lik­de, ýaz­gy et­mek üçin len­ta­nyň mag­nit­len­me­gi üp­jün edil­ýär. AEG kom­pa­ni­ýa­sy­nyň il­kin­ji K1 at­ly mag­ni­to­fo­ny hem-de BASF-yň mag­nit­li len­ta­sy 1935-nji ýyl­da Ber­lin Ra­dio ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zil­ýär. En­jam­da iki disk bo­lup, mag­ni­to­fon bu disk­le­re sa­ra­lan len­ta­la­ryň aý­lan­ma­gy bi­len ýaz­gy ed­ýär we şol ýaz­gy­ny gaý­ta­dan diň­läp bol­ýar. K1 mag­ni­to­fo­ny ge­çen asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­na giň­den ýaý­ra­ýar.
Mag­nit len­ta­sy­na ýaz­gy ed­ýän­di­gi üçin şeý­le at il­ki ha­ryt ny­şa­ny­nyň ady hök­mün­de ula­ny­lan hem bol­sa, soň­lu­gy bi­len beý­le­ki dil­le­re ýaz­gy edi­len len­ta­da­ky se­si aýt­dy­ryp bil­ýän en­ja­myň ady hök­mün­de geç­ýär. Şeý­le­lik­de, köp dil­de mag­ni­to­fon ýa-da mag­ne­to­fon gör­nü­şin­de ula­nyl­ýar. Mag­ni­to­fo­nyň bi­rin­ji bö­le­gi mag­nit sö­zün­den gel­ýän bol­sa, «fon» sö­zi grek­çe­de ses diý­me­gi aň­lad­ýar. Üns be­ren bol­sa­ňyz, te­le­fon, mik­ro­fon, dik­to­fon (gep­le­şi­gi ýaz­dyr­mak we gaý­ta­dan eşit­dir­mek üçin en­jam) ýa­ly ses bi­len bag­ly en­jam­la­ryň kö­pü­si­niň so­ňy «fon» bi­len ta­mam­lan­ýar.