Medeni ösümlikleri adamlar ösdürip ýetişdirýän hem bolsa, ýabany ösümlikler tohumlary ýa-da kökleri arkaly tebigy usulda köpelýärler. Bu usullaryň käbiri gaty ýönekeý hem bolsa, käbiri täsin we çylşyrymly. Geliň, bu usullar baradaky gysgajyk maglumatlar bilen tanyş bolalyň!
Ýeriň dartyş güýji. Köp ösümligiň tohumy wagty gelip, bişenden soňra ýere gaçýar. Ýere gaçan tohum dürli howa şertleri sebäpli topraga garylýar. Gyş pasly tamamlanandan soň, howa maýlanda gögerip çykýar.
Ýel. Köp ösümligiň tohumy ýeňil tozgajykda ýa-da gabygyň içinde ýerleşýär. Bişen tohumlar şemalyň ugruna uzak aralyga gidýär. Saýawan şekilli tozgalary bolan bu ösümlikleriň tohumy şemalyň güýji bilen uzak aralyga uçup gidýär. Toraňňynyň tohumlary hem şeýle usul bilen köpelýär. Käbir ösümlikleriň tohumynyň daşynda ýeňil gatlak bolýar. Bu tohumlar şahadan gopandan soňra pyrlanyp, haýallyk bilen ýere gaçýar. Şeýle bolansoň, tohum howada has köp durýar. Bu bolsa, tohumyň ýel arkaly agaçdan biraz uzaga düşmegine sebäp bolýar. Şeýle usul arkaly köpelýän ösümlikleriň köp mukdarda tohumy bolýar.
Guş. Ösümlikleriň köpelmegine guşlar hem ýardam edýär. Guşlar köp ösümligiň tohumyny iýip, soňra ony başga ýerde taşlaýar. Käbir ösümlikleriň tohumlary bolsa, guşlaryň aýaklaryna, perlerine ýapyşyp, başga ýerde gaçyp galýar. Edil arylaryň ösümlikleri tozgalandyryşy ýaly bu ösümlikler hem guşlar arkaly ýaýraýar.
Ýarylmak. Käbir ösümlikleriň miwesi ýa-da kösügi bişenden soňra ýarylýar. Ýarylan miwäniň içindäki tohumlar uzak aralyga atylyp gidýär.
Suw. Köp ýerde derýadyr ýaplaryň boýunda ösüp oturan ösümlikleriň tohumy suwa düşüp, uzak aralyga gidýär we ol ýerde düýp tutýar. Käbir ýerlerde bolsa, köp mukdarda möwsümleýin ýagşyň ýagmagy netijesinde wagtlaýyn akar suwlar emele gelýär. Bu suw akymyna gaçan tohum suw çekilenden soňra topraga garylýar we gögerip çykýar. Täsin ýeri, uly tohumy bolan kokoslar hem şeýle usul arkaly köpelip bilýär. Gaty gabygy bolan kokos tohumy deňiz arkaly has uzak aralyga gidip, haýsydyr bir adanyň kenarynda şineläp, ösüp çykýar.
Unudylan iýmişler. Käbir tokaý jandarlary tohumlary soňra iýmek üçin ýere gömüp goýýarlar. Kähalatda olar tohumy nirä gömendiklerini unudýarlar. Netijede, geljek ýyl ol ýerde täze nahal peýda bolýar.
Pytanaklar. Käbir ösümlikleriň tohumynyň daşynda tikenler bolýar. Bu tikenler haýsydyr bir jandaryň ýüňüne ýapyşýar. Soňra bolsa, ol başga ýerde gaçyp galýar. Şeýlelikde, bu ösümligiň tohumlary uzak aralyga gidýär.