Braziliýaly Pele bilen Wawa 2 Dünýä Kubogynyň finalynda gol geçirip, 2-sinde hem çempionlyk gazanan oýunçylardyr. Germaniýaly Pol Braýtner bilen fransiýaly Zinedin Zidan hem 2 finalda gol geçirse-de, olar diňe birinde çempionlyk gazanmagy başardylar. Şeýle-de, braziliýaly Karlos Kafu 3 finalda çykyş eden ýeke-täk futbolçydyr (1994, 1998, 2002).

Luis Monti başga ýygyndylaryň düzümi bilen 2 gezek finalda oýnan ýeke-täk futbolçy bolup, ol 1930-njy ýylda Argentinanyň, 1934-nji ýylda-da Italiýanyň düzüminde çykyş edýär. Ol Italiýa bilen çempionlyk gazanýar. Attilio Demariýa hem 1930-njy ýylda Argentinanyň, 1934-nji ýylda-da Italiýanyň düzüminde oýnaýar. Ýöne ol iki çempionatyň finalynda-da meýdança çykmaýar.

Braziliýaly Mario Zagallo futbolçy (1958, 1962) hem-de tälimçi (1970) hökmünde kubogy gazanan ilkinji şahsyýetdir. Şeýle başarnygy germaniýaly Frans Bekkenbauer (1974, 1990) hem-de fransiýaly Didie Deşam (1998, 2018) hem gaýtalaýar. Bekkenbauer bilen Deşam kubogy futbolçylykda gazanan mahaly toparlarynyň kapitanlarydy.

Italiýaly Juseppe Meazza (1938), braziliýaly Bellini (1958), Mauro (1962) hem-de Kafu (2002), şol sanda argentinaly Daniel Passarella (1978) kapitan hökmünde kubogy 1 gezek asmana göterdiler. 2 gezek çempion bolan bu ýyldyzlar gazanan beýleki çempionlyklarynda toparlarynyň kapitanlary däldiler.

Argentinaly Diego Maradona (1986, 1990) bilen braziliýaly Dunga (1994, 1998) final oýunlarynda 2 gezek meýdança kapitan hökmünde çykdylar. Ýöne olaryň ikisi-de diňe birinji finallarynda çempionlyk gazandylar.

Germaniýaly Karl Haýns Rummenigge (1982, 1986) kapitan hökmünde meýdança çykan 2 final duşuşygynda ýeňlişe sezewar bolan ýeke-täk futbolçydyr.