“TrendForce” marketing şereketi “Apple”-yň orta derejeli smartfony bolan “iPhone 14 Plus”-yň önümçiligini islegiň pes bolmagy sebäpli azaldandygyny, “iPhone 14 Pro”-nyň önümçiligini artdyrandygyny mälim etdi. Şereketiň berýän maglumatyna görä, ilkibaşdaky meýilnama görä, has gymmat bolan “iPhone 14 Pro”-nyň önümçiliginiň paýy seriýanyň umumy önümçiliginiň 50 göterimi bolmalydy. Täze meýilnama görä, “iPhone 14 Pro”-nyň 14-nji seriýa degişli smartfonlaryň arasyndaky paýy, ilki 60 göterime, soňra 65 göterime ýetiriler. Bilermenleriň pikirine görä, amerikan kompaniýasy çip ýetmezçiliginiň hem täsiri bilen azalan önümçilik sebäpli peselen girdejiniň öwezini gymmat bahalary telefonlaryň az sanlysyny satmak arkaly dolmak isleýär. Mundna ozal hem kompaniýanyň “premium” enjamlary (“Pro“ we “Pro Max”) şereketiň girdejisini artdyrmaga ýardam etdi.
“TrendForce”-yň bilermenleri 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde “iPhone”-lara bolan islegiň peseljekdigini çaklaýarlar. Munuň netijesinde ýyllyk önümçilik mukdary 14 göterim düşüp, 52 million bolmagyna garaşylýar.